
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR BAGYNDA BERILÝÄN BILIMIŇ HILINI DÜNÝÄ DEREJESINE LAÝYKLYKDA ÝOKARLANDYRMAGYŇ ÝOLLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen halky asuda we parahat durmuşda ýaşaýar. Ata Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn alada we goldaw bilen gurşalýar.