MEKDEBE ÇENLI BILIMDEN BAŞLANGYÇ BILIME GEÇIŞ DÖWRÜNIŇ PEDAGOGIK-PSIHOLOGIK ESASLARY

MEKDEBE ÇENLI BILIMDEN BAŞLANGYÇ BILIME GEÇIŞ DÖWRÜNIŇ PEDAGOGIK-PSIHOLOGIK ESASLARY

Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň berkararlygynyň, güýç-kuwwatynyň, abraý-mertebesiniň her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendigi baradaky ajaýyp pikirini yzygiderli nygtaýar we ýaş nesliň ruhy we beden taýdan sagdyn hem-de kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwlet bilim syýasatynda ýaş nesilleriň heniz çagalyk döwründen başlap, kämil bilim almagy, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin watansöýüjilik, dostluk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär.