HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA IŇLIS DILINI ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYGY

HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA IŇLIS DILINI ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYGY

Bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler mugallymlaryň işe bolan höwesini has hem artdyrdy. Belli bolşy ýaly, ýaşlaryň geljekde öz saýlap alan hünäri boýunça kämil hünärmen bolmagy bilen birlikde, daşary ýurt dillerini bilmegi hem zerurdyr. Soňky onýyllyklaryň dowamynda daşary ýurt dillerini bilmäge bolan isleg has artdy. Tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze usullarynyň bilim bermegiň tejribesine ornaşdyrylmagy, özbaşdak öwrenmek üçin dürli kompýuter programmalarynyň düzülmegi, talybyň dil taýýarlygynyň geljekki hünäriniň aýratynlygyny göz öňünde tutup alnyp barylmagy ençeme meselelerde dogry usuly saýlamak zerurlygyny ýüze çykarýar.