MAGTYMGULYNYŇ GOŞGULARYNDA SAGLYK WE KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BARADAKY PIKIRLER

MAGTYMGULYNYŇ GOŞGULARYNDA SAGLYK WE KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BARADAKY PIKIRLER

Özüniň ölmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň milli guwanjyna öwrülen beýik Magtymgulynyň goşgulary şahyryň döredijilik örüsiniň juda giňdigini görkezýär, şahyr dürli temalara ýüzlense-de, hemişe sagdyn we dürs pikirýöredýär. Akyldaryň ýüzlenýän saglyk we lukmançylyk temasy hem ýeterlik üns berilmäge mynasypdyr. Şahyr ynsan saglygynyň gymmaty, ony gorap saklamak, dürli kesellere getirip biljek zyýanly endiklerden gaça durmak barada örän şowly pikir ýöredipdir. Şol pikirler häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazarlaryna hem doly gabat gelýär. Mysal üçin: Bar nygmatdan ýegsaglygyň mazasy [1, 533 s.]. Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy [Şol ýerde, 247 s.]. Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anuň soltanydyr // Ten mülküniň ser döwleti dynmaz, öter myhmanydyr [Şol ýerde, 469 s.].