OKATMAKDA KOMPÝUTER TEHNOLOGIÝASYNDAN PEÝDALANMAK

OKATMAKDA KOMPÝUTER TEHNOLOGIÝASYNDAN PEÝDALANMAK

Häzirki döwürde ýaş nesli kemala getirmekde mekdebiň öňünde durýan esasy wezipe okatmagyň hilini düýpli ýokarlandyrmak we öwredilýän bilimleriň okuwçynyň hakyky islegine öwrülmegini gazanmak hasaplanýar. Başlangyç synplarda bilimiň mazmunyny okuwçylara bermek üçin, olaryň ýaş aýratynlyklary boýunça tebigatyna aralaşmak zerurdyr, sebäbi çaganyň geň galmak bilen ýatda saklamak ukyby has ýokary derejelidir. Sanly bilim ulgamynyň herekete girizilmegi gönüden-göni maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar, geljekki mugallymlara zerur talaplary bildirýär. Bu meseläni oňyn çözmekde nazary taýýarlyk bilen kompýuter tehnologiýalaryny utgaşykly ulanmaga ýokary başarnyk gerek. Her bir maglumatyň usuly taýdan anyk usuly görkezmesi we gollanmasy jikme-jik beýan edilende, işiň netijeliligi has ýokarlanýar. Başlangyç synplaryň matematika dersinde öwredilýän maglumatlar amaly başarnyklaryň kemala gelmegine uly ýardam edýär. Aslynda, matematika dersinde kompýuter tehnologiýasyny ulanmagyň özi: