
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERDE TARYH DERSINI OKATMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasyna depginli dowam etdirilýär. Ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň okuw-usulyýet binýady berkidilýär. “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzda döwrebap, ösen tehnologiýalara esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatda durmuşa ornaşdyrylan işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär.