TÜRKMEN MILLI WE DZÝUDO GÖREŞLERINIŇ SERIŞDELERINIŇ UTGAŞDYRYLMAGYNDA DÜZÜLEN TÜRGENLEŞIK MEÝILNAMASYNYŇ TÄSIRLILIGI

TÜRKMEN MILLI WE DZÝUDO GÖREŞLERINIŇ SERIŞDELERINIŇ UTGAŞDYRYLMAGYNDA DÜZÜLEN TÜRGENLEŞIK MEÝILNAMASYNYŇ TÄSIRLILIGI

Işiň derwaýyslygy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek biziň baş wezipelerimizdir” [1, 120 s.] diýip belleýär. Şol wezipeleriň çözülmeginde ata-babalarymyzdan miras galyp, şu günlerimize gelip ýeten ýokary ruhy-ahlak dessurlarymyzyň ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmeginde, aňly-düşünjeli kemala gelmeginde hyzmaty uludyr. Türkmeniň milli sportunyň görnüşlerini dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.