INNOWASION YKDYSADY ÖSÜŞDE HÜNÄRMENLERI GAÝTADAN TAÝÝARLAMAK MÖHÜM WEZIPEDIR

INNOWASION YKDYSADY ÖSÜŞDE HÜNÄRMENLERI GAÝTADAN TAÝÝARLAMAK MÖHÜM WEZIPEDIR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: 2022 – 2052-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda” ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny innowasiýa taýdan täze sepgitlere ýetirmek babatda anyk wezipeler, durmuşa geçirilmeli toplumlaýyn işler kesgitlenendir. Maksatnamada milli ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmek, önümçilige ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ösen ýurtlaryň tejribesine laýyklykda, innowasiýalar bazaryny döretmäge we ösdürmäge ýardam bermek, şeýle-de, ylym we tehnologiýalar ulgamynda innowasiýa işini goldamak hem-de dolandyrmak ýaly wezipeleri mysal hökmünde görkezmek bolar.