
TALYPLARA SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞINDE BEDEN TAÝÝARLYGYNY ÖWRETMEGIŇ USULYÝETI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köklerini halkymyzyň milli däplerinden alyp gaýdýan sport ulgamy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, halkara ýaryşlaryň geriminiň giňelmegi, türkmenistanly türgenleriň halkara derejede türkmen sportunyň ornuny berkitmegi bilen has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Atçylyk sporty, milli göreş, guşakly göreş, küşt (sadranç), düzzüm ýaly sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgul bolan halkymyz häzirki wagtda barha kämilleşdirilýän sportuň dürli görnüşleri bilen gyzyklanýar we onuň dürli görnüşleri öwrenilýär, milli sport görnüşlerinden başga-da, dünýä sportuny öwrenmek hem ýola goýulýar.