
FIZIKA SAPAKLARYNDA MNEMOTEHNIKANYŇ TÄRLERINI WE KOMPÝUTER TEHNOLOGIÝALARYNY ULANMAGYŇ ÄHMIÝETI
Häzirki döwürde uly gyzyklanma bilen öwrenilýän pedagogik tehnologiýalaryň biri mnemotehnikanyň tärlerinden peýdalanyp, sapak geçmek talyplaryň ýatda saklaýjylyk ukybyny ösdürmekde örän uly ähmiýeti bardyr. Ylymda, tehnikada hem-de tehnologiýa äleminde bolýan täzelikleriň, dersiň okuw maksatnamasynda göz öňünde tutulan okuw maglumatlarynyň, hadysalaryň, kanunlaryň, düşünjeleriň, fiziki ululyklaryň, formulalaryň many-mazmunyna talyplaryň oňat düşünmeklerini, ýatda saklamaklaryny mnemotehnikanyň usullaryndan peýdalanmak arkaly üpjün edip bolar. Mnemotehnikany häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen bilelikde ulanmak ýokary netije berer.