OKUW PROSESINI DÖWREBAPLAŞDYRMAK: STEM BILIM ÇEMELEŞMESINI ORNAŞDYRMAK

OKUW PROSESINI DÖWREBAPLAŞDYRMAK: STEM BILIM ÇEMELEŞMESINI ORNAŞDYRMAK

Sanly ykdysadyýet ähli ýurtlaryň milli hojalygy üçin hil taýdan täze tapgyrdyr. Diýarymyzda bilimlere esaslanýan ykdysadyýete geçilmegi döwletiň durmuş-ykdysady ösüş ugrundaky oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy netijesinde mümkin boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly işinde bu meseläniň ylmy esasda çözülmelidigini belleýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna. – Aşgabat: TDNG, 2010.). Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýä ýüzünde syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmakda aýgytlaýjy orna eýedir” diýip belleýär (Serdar Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy // Maliýe we ykdysadyýet. – 2021. – №5.).