
EDEBI DILIŇ KADALARYNY SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ÜSTI BILEN ÖWRETMEK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda okatmagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmekde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmen edebi diliniň orfoepik, orfografik, leksik, grammatik, stilistik we dyngy belgi ýaly kadalary bolup, şol kadalary dil we ýazuw görnüşinde berjaý etmek sözleýiş medeniýetiniň ilkinji şerti hasaplanýar.