
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINI BAŞLANGYÇ SYNPLARYŇ ENE DILI SAPAKLARYNDA ÖWRETMEK
Terbiýe barada Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” eserinde: “Döwür, durmuş, dünýä günsaýyn özgerýär. Täze günüň talaplaryna laýyk gelýän perzendi ýetişdirmek her birimiziň borjumyz. Biziň öz geljegimizi şeýle beýik üstünliklere ýugrup biljekdigimiz bolsa jedelsiz hakykat. Bagtyýarlygyň esasy açary terbiýede jemlenýär” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysynyň dowamaty. – Aşgabat: TDNG, 2023. 191 s.) diýip, nesillerimiziň ösen şahsyýetler bolup ýetişmeginde terbiýäniň görnüşleriniň maksadalaýyk berilmeginiň zerurdygy nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” (Gurbanguly Berdimuhamedow.Ynsan kalbynyň öçmejek nury. – Aşgabat: TDNG, 2014. 36 s.).