
“ALTYN ASYR” TÜRKMEN KÖLÜNIŇ TÖWEREGINDÄKI ÖRI MEÝDANLARY WEGETASIÝA INDEKSI ARKALY BAHALANDYRMAK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tebigatymyza aýawly garamaga hem-de ony has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendir. Ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýany we tebigaty goramak ýaly iň bir ähmiýetli meseleler häzirki döwrüň ählumumy, möhüm wezipeleriniň hatarynda goýulýar. Ýurdumyzda ýer, suw hem biologik köpdürlüligi hem-de tebigaty goramak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça uly işler amala aşyrylýar.