
“GREKÇE-TÜRKMENÇE SÖZLÜK” WE ONUŇ TURKMEN DILINIŇ TARYHYNY ÖWRENMEKDE ÄHMIÝETI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biz ata-babalarymyzyň döreden maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň juda az bölegini bilýändiris, olary öwrenip dikeldendiris, gündelik durmuşymyzyň gözelligine öwrendiris. Ýöne asyrlar bize milli baýlyklarymyzyň iň gymmatly nusgalaryny heňňamlar içre aşyryp miras getiripdir” diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň adamzat medeniýetiniň ösüşine goşan saldamly goşandy, dürli döwürlerde dünýä alymlary tarapyndan öwrenilendigine garamazdan, heniz içgin öwrenilmeli sahyplara juda baýdyr. Häzirki wagtda türkologiýa ylmynda gadymy we orta asyrlarda türki dillerde ýazylan eserleriň, esasan, orhon ýeniseý, arap, ermeni, gürji we hindi elipbiýlerinde ýazylandygy bellidir. Emma XV asyryň ikinji ýarymyndan başlap, XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli, ýokarda bellenilenler bilen birlikde, grek we latyn harplary bilen türkmençe (garamanly we osmanly döwletlerinde) ýazylan eserleriň uly toplumy emele gelipdir. Grek taryhçysy Ýewangeliýa Balta tarapyndan öwrenilip başlanan bu ylmy hazyna heniz türki halklaryň taryhynda içgin öwrenilmeli medeni baýlygymyzdyr. Wizantiýa, Wenesiýa ýaly Ýewropa döwletleri bilen alnyp barlan gatnaşyklar Günba tarda türkmen medeniýetine bolan gyzyklanmanyň güýçlenmegine sebäp bolupdyr. Garamanogullary begliginiň höküm süren döwründe (XIII - XV asyrlar) Ýewropa döwletlerinde başlanan türkmen dilini öwrenmäge bolan isleg XVIII - XIX asyrlarda has hem güýçlenipdir. Netijede, XV asyryň ikinji ýarymyndan başlap, grek harplary bilen türkmen dilinde ýazylan eserler döräp başlapdyr we XVIII asyrda olaryň sany barha artypdyr. Muňa mysal edip, 1872-nji ýylda Afinyda çap edilen “Saz ýygyndysy” (“Mecmua-yi makamat”) atly kitaby, Ýewropa dillerinden türkmen diline terjime edilen çeper eserleri, binalaryň girelgelerine we gubrüsti daşlara ýazylan ýazgylary mysal getirmek bolar. Alymlaryň bellemegine görä, şeýle eserleriň 750-den gowragy ylymda mälimdir [3]. Şeýle hem, käbir daşary ýurt dillerinde ýazylan kitaplarda hem grek harplarynda türkmençe ýazylan ýazgylar ýerleşdirilipdir [4].