
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ WATANÇYLYK GOŞGULARY BILIM ULGAMYNYŇ TERBIÝEÇILIK IŞINDE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan medeni mirasymyzy aýawly saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek baradaky ajaýyp ideýalar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda watansöýüji, il-günümize wepaly, halkyň aladasy üçin zähmet çekmäge höwesli ýaşlary terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymgulynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, jebislik ýaly ugurlarda öňe süren sagdyn pikirleri ýaşan döwrüniň keşbini suratlandyrýar.