SÖHBET SAPAKLARYNY OKATMAGYŇ MAKSADY WE OLARA BILDIRILÝÄN TALAPLAR

SÖHBET SAPAKLARYNY OKATMAGYŇ MAKSADY WE OLARA BILDIRILÝÄN TALAPLAR

Häzirki döwürde bilim ulgamyny hasda kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak, iň täze tehnologiýalary, innowasion usullary ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynda bilimi kämilleşdirmegiň jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydygy, onuň Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär.