
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERIDNE IŇLIS DILINI ÖWRETMÄGE TÄZEÇE ÇEŞMELER
Häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap, ýokary hilli bilim-terbiýe almagy, akyl, ruhy taýdan ösen we kämil şahsyýetler hem-de ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim portallary üstünlikli hereket edýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologik enjamlaryň kömegi bilen, sapaklaryň iňlis dilinde guralmagy talyplara häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýokary bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Diňe daşary ýurt dilini öwretmekde ösen tehnologiýalardan peýdalanylmagy däl-de, eýsem, ýurdumyzyň halkara derejeli birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ähli dersleriň daşary ýurt (iňlis) dilinde okadylmagy talyplaryň daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilmeklerine ýardam edýär. Munuň üçin talyplar degişli okuw mekdebiniň dil öwreniş bölüminde bir ýyl taýýarlyk okuwyny geçýärler. Bu bölümde talyplar daşary ýurt dilinde (iňlis dilinde) okamak, ýazmak, diňlemek, geplemek endiklerini ele alýarlar, şeýle hem öz saýlan hünärlerine degişli adalgalary, durnukly söz düzümlerini özleşdirýärler.