TURKMEN HALK SAZLARYNYŇ NOTA GEÇIRILIŞ IŞINIŇ TARYHY

TURKMEN HALK SAZLARYNYŇ NOTA GEÇIRILIŞ IŞINIŇ TARYHY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Sazçylyk okuw mekdepleriniň tagallasy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda halk sazlaryny, mukamlary nota ýazgylaryna dolulygyna geçirmek bilen işjeň meşgullanýan ussat sazandalaryň-mugallymlaryň köp sanlysy ösüp ýetişdi. Biziň günlerimizde ýaşlara halk sazynyň tilsimlerini çalt öwretmegiň netijeli görnüşi hökmünde, nota sowadyny ulanmaklyk berk orun aldy. Sazandalaryň ösüp gelýän nesliniň okuw meýilnamasyny düzýän nota eserleriniň we okuw gollanmalarynyň birnäçesi neşir edildi... Türkmen halk aýdymlarynyň, sazlarynyň we mukamlarynyň ýokary derejede notalara geçirilmegi we çap edilmegi olary işjeň wagyz etmäge, giňişleýin öwrenmäge we dünýä saz tejribesine ýaýratmaga mümkinçilik berýär” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ile döwlet geler bolsa... - Aşgabat: TDNG, 2015. 69 - 70 ss.) diýip belleýär.