
ÖWRETMEGIŇ USULYÝETINDE...
Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde mugallymlaryň sapagy we sapakdan daşary meýilnamalaşdyrylanlary öwredişiniň, talyplaryň öwrenmäge bolan ymtylyşlarynyň güýçlendirilmeginiň, durmuşdaky wakalaryň, zatlaryň, hadysalaryň ýatda saklanylmagynyň täze usullary gözlenilýär. Mnemotehnika maglumaty ýatda saklamagyň täri hökmünde halkara bilim jemgyýetçiliginiň usulyýetinde meşhurdyr. Bu usullaryň üsti bilen günüň we hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleri, tabşyryklary ýatda saklap bolýar. Mnemotehnikanyň usullaryny ulular hem, çagalar hem ulanyp biler.