Şahyr bakylyga öwrülip barýar

Şahyr bakylyga öwrülip barýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda şahyryň ömri we döredijiligi düýpli öwrenilýär, çünki bu ajaýyp ýylda onuň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýy uly dabaralara beslenýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri üstünden üç asyryň aýlanandygyna garamazdan, ähmiýeti artyp, ýyl geçdigiçe, oňa bolan üns güýçlenýär, çünki watanperwerlige, ynsanperwerlige, ahlak we tebigat gözelliklerine bagyşlanan, çuňňur söýgä ýugrulan beýik eserler umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi, ynsan kalbynda öçmejek orun aldy.