
MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARY – TERBIÝE MEKDEBI
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ynsan kalbynyň öçmejek nury. ‒ Aşgabat: TDNG, 2014, 39 s.) diýip belleýşi ýaly, bu gün şahyryň ajaýyp şygyrlary öz ähmiýetini, çeperçilik gymmatyny, akyl-paýhasa baý many-mazmunyny ýitirenok.