MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNDA ÝAŞ  NESLI TERBIÝELEMEGIŇ  ÝÖRELGELERI

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNDA ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEGIŇ ÝÖRELGELERI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: “Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň säheriniň howasy ýaly tämizdir. Olar läle-reýhanly, gül- gülälekli bag-bossanyň hoştap ysy kimin bark urup, ynsanyň janyna hoşluk çaýýar. Bedenleri bogun-bogun söküp, ýüreklere giňlik berýän dutaryň mylaýymdan şirin sazy bolup, heýjana getirýär” [1, 56 s.] diýip belleýär.