
GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY ABU ALI IBN SINANYŇ YLMY GARAÝYŞLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen asyrlardan gözbaş alýan milli mirasymyzy, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy ösdürmekde uly tagallalar edilýär. Ylymda, bilimde, edebi mirasymyzy ösdürmekde aýratyn hyzmaty bolan şahsyýetleriň ömrüni, işini, umumadamzat ähmiýetli hyzmatlaryny öwrenmekde, ony şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Gündogaryň beýik akyldary Abu Ali Ibn Sinadyr.