
HÜNÄR BILIMI EDARALARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHMIÝETI
Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler türken ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk ylym- bilim almaklaryna, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilip, ýaş nesillerimiziň ynsanperwerlige, adalata, pähim-paýhasa, röwşen geljege bolan ynamyny has-da berkidýär. Hemmetaraplaýyn ösen, ylymly - bilimli, hünärine ussat ýaşlary taýýarlap ýetişdirmek üçin berkarar döwletimizde ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň güýjüne uly ynam bildirilip, olara aýratyn üns berilmegi döwrüň hem geljegiň möhüm ruhy intellektual galkynyşyny kemala getirýär. Häzirki wagtda täze tehnologiýalar, multimedia we interaktiw serişdeler, okatmagyň öňdebaryjy iş usullary mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermekde netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn aragatnaşykda işleriň alnyp barylmagyna hem-de ylymda we bilimde soňky gazananlary okuw işine ornaşdyrmaga, tejribe esasynda peýdalanmaga mümkinçilikleriň barha giňelmegi bu ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamyna geçmek, elektron aragatnaşyklary, resminamalaryň dolanyşygyny döwrebap alyp barmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we beýleki mugallymçylyk mekdepleri, orta hünär okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuwlary guramak işlerine aýratyn ähmiýet berlip, bilim ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň barha kämilleşmegi üpjün edilýär.