
MAHMYT KAŞGARLYNYŇ DIWANYNDA TIRKEŞ SÖZLERIŇ LEKSIKA-SEMANTIK AÝRATYNLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen dilini ylmy taýdan öwrenmeklige bolan üns güýçlendi ene dilimizi taryhy nukdaýnazardan öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biri Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat et-türk” eseridir. Bir diliň baýlygy onuň diňe bir sözlük düzüminiň köplügi bilen aňladylman, eýsem, ondaky bar bolan nakyllardyr atalar sözleri, söz düzümleri, durnukly sözler, idiomalar we tirkeş sözleri bilen ölçenilýär.