XI - XII ASYRLARDA KÖNEÜRGENÇDE LUKMANÇYLYGYŇ ÖSÜŞI

XI - XII ASYRLARDA KÖNEÜRGENÇDE LUKMANÇYLYGYŇ ÖSÜŞI

Türkmen topragy gadymy döwürlerde adamzat jemgyýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biri bolmak bilen, ajaýyp binagärlik gurluşy, medeniýeti, sungaty bilen tapawutlanypdyr. Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “XI asyryň başynda Köneürgençde al-Biruny we Ibn Sina (Awisenna) ýaly alymlar işläpdirler” diýip belleýär [1, 332 s.]. Köneürgençde Muhammet al-Horezmi, ensiklopediýaçy alym Jarullah Abulkasym Omar az-Zamahşary, dilçi alym Ali Ibn Arrak as-Sinary, edebiýatçy we şahyr Ali Ibn Muhammet Ibn Arslan, görnükli edebiýatçy alym Muhammet Ibn Ali al-Horezmi, hukuk we taryh boýunça görnükli alym Muhammet al-Abbasy al-Horezmi, ensiklopediýaçy alymlar Abu Reýhan Biruny, lukman Seýit Ysmaýyl Jürjany, tebigaty öwreniji alymlar Fahreddin Razy, Muhammet Ibn Najyp Bekran, Mahmyt al-Jagmyny al-Horezmi, ynsanperwer ugur boýunça Muhammet an-Nesewi, Nejmeddin Kubra, Reşideddin Watwat ýaly meşhur akyldarlar ýaşapdyrlar we olar dürli ugurlar boýunça gymmatly eserleri ýazypdyrlar.