BEÝIK SELJUK TÜRKMEN DÖWLETINIŇ PAÝTAGT ŞÄHERLERINIŇ ÝERINIŇ ÜÝTGEDILMEGINIŇ GEOSYÝASY ŞERTLERI

BEÝIK SELJUK TÜRKMEN DÖWLETINIŇ PAÝTAGT ŞÄHERLERINIŇ ÝERINIŇ ÜÝTGEDILMEGINIŇ GEOSYÝASY ŞERTLERI

Orta asyrlarda ata-babalarymyz tarapyndan ençeme türkmen döwletleri esaslandyrylypdyr. Şol döwletleriň biri hem Beýik Seljuk türkmen döwletidir. Alym Arkadagymyz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda: “Beýik Seljuk türkmen döwleti 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşindäki şöhratly ýeňişden soň döreýär” [1,173 s.] diýip belleýär. Maý aýynda Marydan 60 km günortada ýerleşýän Daňdanakan (Daşrabat) galasynda bolup geçen söweşde Seljuk serkerdeleri eserdeňlik, parasatlylyk, gahrymançylyk görkezip, Gaznaly goşunyndan üstün çykypdyrlar. Söweşe girmezden öň Seljuklaryň öňbaşyçylarynyň arasynda bolup geçen maslahatda kesgitli pikiri orta atan Çagry beg bolupdyr. Belli türk taryhçysy Faruk Sumeriň nygtaýşy ýaly: “Seljuklylaryň geçiren gurultaýlarynda edilen gürrüňler öz akylly pikirleri, batyrgaýlygy, güýç-kuwwaty bilen seljuklary kimiň ugrukdyrandygyny, jahana häkim bolmak maksadynyň döremeginde, berk ösmeginde we amala aşmagynda baş roly kimiň oýnajakdygyny aýdyň görkezýär. Bu beýik ynsan Dawut Çagry begdir. Seljuk neberesiniň diregi we döwlet gurluşygynyň iň möhüm sütüni oldur” [6,107 s.].