KÄMIL ENDIKLERI KEMALA GETIRMEK

KÄMIL ENDIKLERI KEMALA GETIRMEK

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň esasy ugry ýaşlaryň ylmy döredijilige bolan höwesini artdyrmakda, talyplaryň ylmy we amaly meseleleri çözmek üçin adaty däl usullary ulanmak endiklerini kemala getirmekde, döredijilikli pikirlenmek ukybyny artdyrmakda, kämil şahsyýete mahsus bolan ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, watançylyk, pespällik endiklerini terbiýelemekde öz anyk beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly: “Ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar”. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerinden ugur alyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň öz-özüni kämilleşdirip, başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň ýoluny öwrenmäge bolan islegleri we ymtylmalary artýar. Bu meseläni üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, mugallym tarapyndan talyplarda birnäçe endikleri kemala getirmeklige ýardam bermek zerurdyr.