IBN SINANYŇ DIL BILIMI BILEN BAGLY YLMY GARAÝYŞLARY

IBN SINANYŇ DIL BILIMI BILEN BAGLY YLMY GARAÝYŞLARY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alym Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly eserinde: “Muhammet Horezminiň, Abu Nasr Farabynyň, Abu Reýhan Birunynyň, Ibn Sinanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň ynsan nesliniň beýik geçmişinden söhbet açýan taryhy, ylmy kitaplary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Olaryň saldamly işleri türkmen ylmyny belent derejelere göterdi” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. - Aşgabat: TDNG, 2015. 157 s.) diýip belleýär. Ady agzalýan beýik akyldarlaryň arasynda dünýä derejesinde tanalýan alym, lukman Abu Aly Ibn Sinanyň ylmy mirasy giňişleýin öwrenilýär.