
Ylmyň köp ugry bilen gyzyklanan alym
Gündogaryň orta asyrlar akyldary Abu Aly Hüseýn ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina ensiklopedik alym hasaplanýar. Alymyň öwrenen ylmy ugurlary köpdürlüdir. Geometriýa (aýratyn hem, Ewklidiň geometriýasy), mantyk, fykh, sarf, nahiw, tebipçilik we doga bilimi ugurlary boýunça birnäçe işleri bar. Ibn Sina belli filosof, lukman, şahyr, saz öwreniji, matematik, fizik, himik hasaplanýar, astronomiýa, mehanika, psihologiýa, edebiýat ylymlaryna degişli eserleriň ençemesini ýazýar. Degişli çeşmelerde Ibn Sinanyň işleriniň ylmyň 29 görnüşine degişlidigi, sanynyň 450-den hem köp bolup, olardan 240-synyň biziň döwrümize gelip ýetendigi baradaky maglumatlar bar. Alymyň ylmyň dürli ugurlaryna bagyşlanylan işleriniň 150-si filosofiýa, 40-sy lukmançylyga, 50-si beýleki ylymlara degişli eserlerdir. Onuň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” (“Kitab al-kanun fittibb”), “Şypalar kitaby” (“Kitab aş-şifa”) ýaly işleri häzirki zaman lukmançylygynda hem ulanylýar. “Şypalar kitaby” logika, fizika, biologiýa, psihologiýa, geometriýa, arifmetika, saz, astronomiýa we metafizika ylymlarynyň özboluşly ensiklopediýasydyr. Ibn Sinanyň “Ylymlar kitaby” (“Danyş nama”) hem ylmy-ensiklopedik işdir. Alymyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly meşhur kitabynda saglygy bejermekde bedenterbiýäniň orny barada giňişleýin maglumatlar bar. Beden maşklarynyň saglygy goramakdaky ähmiýetine üns çekilip, olara häsiýetnama berilýär. Alymyň pikiriçe, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýan adam bejergä mätäç bolmaz, emma beden maşklary ýerine ýetirilende, adamyň ýaşy, saglyk ýagdaýy, ruhy ahwalatlary hökman göz öňünde tutulmalydyr. Ownujak zyýanly bölejikler sebäpli, bedendäki ýetmezçilikleriň döräp biljekdigi baradaky pikiri “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabynda aýratyn belleýär. Ibn Sina, ilkinji bolup, mama keseliniň ýokançlydygy baradaky nazary pikiri ylmy jemgyýetçilige ýetirýär. Şonuň ýaly-da, mergi we gyrgyn keselleriniň tapawudyny kesgitleýär, beýleki birnäçe keseli düýpli öwrenip, olary kesgitleýär. Olara mahsus häsiýetleri beýan edýär. Türkmenlerde alymyň ady Lukman Hekimdir.