
FIZIKA DERSINDE ESASY DÜŞÜNJELERI ÖWRETMEGIŇ USULYÝETI
Häzirki döwürde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan baş çykarýan, tebigy, takyk, ynsanperwer bilimleri ele almaga, ahlak taýdan arassa, giň gözýetimli, zähmet çekmäge höwesek, ylym-bilimdäki we tebigatdaky täsinlikler bilen gyzyklanýan, hyjuwly, maksada okgunly, döwrebap ösüşleri kabul etmäge ukyply ýaş nesli terbiýelemek, olara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesidir. Şeýle wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde fizika dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň hem-de ondaky esasy düşünjeleri ýaş nesle öwretmegiň uly ähmiýeti bardyr.