MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ KÄBIR USULY TÄRLERI

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ KÄBIR USULY TÄRLERI

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen yzygiderli kämilleşdirilýän bilim ulgamynda ägirt uly özgerişler amala aşyrylýar. Amala aşyrylýan özgerişleriň netijesinde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk okuwyň girizilmegi, bilim ulgamynyň dürli edaralarynyň iň döwrebap okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagy, internet ulgamynyň okuw tejribesine giňden ornaşdyrylmagy mekdep uçurymlarynyň taýýarlyk derejesiniň üzül-kesil ýokarlanmagyna getirdi.