
MUGALLYM - OKUWÇY GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM UGURLARY
Döwrümizde jemgyýetde bolup geçýän oňyn özgertmeler mugallymyň öňünde öň duş gelmedik çylşyrymly meseleleri goýdy. Maglumat meýdanynyň, tehnologiýalaryň (bilim bermegiň tehnologiýalarynyň) gatnaşygynyň işjeňleşmegi, dürli halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň ösmegi, bilimiň mazmunynyň, bilimliligiň ölçegleriniň üýtgemegi, 1-nji synpa gelýän okuwçylaryň psihologiýasynyň ösüşiniň has kämil bolmagy mugallymyň kärine ökdeligine bolan talaby has güýçlendirýär, onuň hünärine kämilleşmek derejesiniň üpjünçiliginiň meselesi täze çemeleşmeleri öňe çykarýar. Emele gelen ýagdaýa syn edeniňde, ilkinji sorag: “Biziň mugallymlaryň başarnygyna hem ýerine ýetirýän işine bolan garaýşymyz häzirki mugallym - okuwçy gatnaşyklaryna laýyk gelýärmi?”. Bu sorag maglumat jemgyýetiniň şertlerinde mugallymlaryň ünsüni birnäçe meselä çekýär. Başgaça aýdylanda, bu sorag “Olar işiň haýsy täze görnüşlerini ýerine ýetirmeli bolýarlar?” diýen görnüşde hem berlip bilner.