SÖZÜŇ SEMANTIKASYNY KESGITLEMEKDE YLMY ÇEMELEŞME

SÖZÜŇ SEMANTIKASYNY KESGITLEMEKDE YLMY ÇEMELEŞME

Häzirki döwürde diliň medeniýete bolan gatnaşygy alymlaryň üns merkezindedir. Dil biliminiň sözlük gory ylmy-tehnikanyň ösüşine laýyklykda yzygiderli baýlaşýar. Munuň özi türkmen diliniň dünýä dillerine gatnaşygyny işjeňleşdirýär, şunuň bilen birlikde, halkyň aň-düşünjesiniň artmagyna, medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýiti täsir edýär.