
YKDYSADYÝETI SANLYLAŞDYRMAGYŇ DURNUKLY MODELINI IŞLÄP DÜZMEK ÜÇIN ILERI TUTULÝAN YLMY MESELELER
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň esasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmagyň Meýilnamasynyň” çäklerinde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär.