MAGTYMGULY ŞAHYRYŇ DÜNÝÄGARAÝŞYNDA DIN BILEN YLMYŇ EÝELEÝÄN ORNY

MAGTYMGULY ŞAHYRYŇ DÜNÝÄGARAÝŞYNDA DIN BILEN YLMYŇ EÝELEÝÄN ORNY

Adamzadyň we milletiň ruhy ösüşi aňlanylanda, din bilen ylmyň olarda tutýan orunlaryny açyp görkezmek gerek bolýar. Bu ýagdaý Magtymguly şahyryň döredijiligi öwrenilende aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi beýik akyldaryň dünýägaraýşy sopuçylyk filosofiýasynyň täsirinde kämilleşýär. Şunda akyldaryň akyl ýetiriş ýörelgeleri, mistiki oýlanmalar bilen bir hatarda, paýhaslaýyn akyl ýöretmek häsiýetine hem eýe bolýar. Netijede, şahyr dünýäni, jemgyýeti diňe bir mistiki garaýyşlaryň üsti bilen däl-de, eýsem, öz ýaşan döwrüniň ylmynyň üsti bilen hem derňeýär. Şahyryň şu hili akyl ýetiriş ukybyna eýe bolmagyna dini we ylmy garaýyşlaryň täsir edendigi gümansyz. Biz hem dini we ylmy garaýyşlaryň özboluşlylygy we aýratynlygy hem-de olaryň jemgyýetiň ruhy dünýäsindäki orunlary barada oýlanalyň. Şu maksat bilen türkmen ruhunyň ösüş taryhyna ýüzleneliň.