YLYM-BILIM - ÝAGTY GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY

YLYM-BILIM - ÝAGTY GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY

Gadymy döwrüň akyldarlarynyň biri: “Eger siziň maksadyňyz bakylyk bolsa, ýaşlara bilim beriň” diýipdir. Ylym-bilim uly baýlyk, gymmaty egsilmeýän hazyna, çünki ylym-bilim her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň durmuşynda ýüze çykýan meseleleriň aňly-düşünjeli çözgüdini tapmaga, uly ösüşlere ýol açmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny düýpli ösdürip, ussat hünärmenleri kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly möhüm resminamalar döwletimiziň innowasion ösüşine mynasyp goşant goşjak kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanunçylyk binýadyny berkidýär.