
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝETINDE TARYHY ŞAHSYÝETLER
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr” diýip, şahyryň türkmen taryhynda we edebiýatynda tutýan ornunyň uludygyny nygtaýar. Beýik şahyryň ýaşan döwri ykbal kesgitleýji taryhy wakalara baýdyr. 1747-nji ýylda Nedir şanyň syndyrylmagynyň yzy süre, Pars imperiýasy synyp başlaýar. Şol döwre çenli Eýranyň golastynda bolan Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gürjüstanda, Yrakda, Owganystanda ýaşaýan we beýleki halklar aýaga galyp, özbaşdak döwlet gurmak ugrunda herekete geçýärler. Şeýle göreşleriň netijesinde, Owganystanda Ahmet Dürrany özüni “han” diýip yglan eden bolsa, Buharada Muhammet Rahym özüne emir derejesini berýär. Hywada bolsa Goňrat dinastiýasyndan bolan Şirgazy han tagta eýe bolýar. ХVIII –ХIХ asyrlaryň sepgidinde türkmen halky daşky hökümdarlaryň syýasatyna mertlik bilen döz gelip, özbaşdak ýaşamak, erkin döwletli bolmak isleg-arzuwlarynyň has-da güýjän döwründe Eýran şalygy, Hywa hanlygy, Buhara emirligi tarapyndan talaňçylyklara sezewar edilipdir. Bu ýagdaýy Magtymguly Pyragynyň: “Görülsin indi” şygrynda: