
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILIM ULGAMY WE ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEK BARADA
Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde bagtyýar talyplarymyz okuwa başladylar. Şeýle hem bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebine, mekdebi we çagalar bagyny öz içine alýan okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwçylarymyz, çagalar baglaryna bolsa eziz körpelerimiz ilkinji gadamlaryny basdylar.