
SANLY ULGAMA DEGIŞLI NEOLOGIZMLERI ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem tehnologik-innowasion esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen, maglumat alyş-çalşygy işjeň häsiýete eýe boldy. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly maglumatlary giň okyjylar köpçüligine ýetirmekden, sapaklara degişli maglumat dolanyşygyny kämilleşdirmekden we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: “Bilim bermegiň ýokary standartlaryny ornaşdyrmak, düýpli we amaly ylmy barlaglary goldamak we höweslendirmek, ähli bilim we ylym edaralaryny kompýuterleşdirmek, Interneti ösdürmek, ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasydyr” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk. – Aşgabat: TDNG, 2014. 29 s.) diýip belleýär.