
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ ESASY UGURLARY
Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistan¬da sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” daşary ýurt dillerini okatmaga täzeçe çemeleşmelere şert döretdi. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň ösen döwletlerinde bildirilýän talaplara laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini däl-de, eýsem, daşary ýurt dilleriniň birnäçesini kämil derejede öwretmek barada mesele goýdy. Şeýle tagallalaryň netijesinde dilleri öwretmekde birnäçe meseleleri çuňňur öwrenmek zerurdyr.