
AÝDYMYŇ SÖZLERI BILEN DIL ÖWREDILENDE ULANYLÝAN IŞJEŇ ÝUMUŞLAR
Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan häzirki döwründe has-da uly ähmiýete eýedir. Ol diňe aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm guralyna öwrüldi. Aslynda, her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyna nazar aýlasak, dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, zerurlygy baradaky pähimlere köp gabat gelýäris. “Adamyň akyllysy dil öwrener”, “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni açar” ýaly Oguz han Türkmenden gözbaş alyp gaýdýan paýhaslar dilleri öwrenmegiň möhümdigine şaýatlyk edýär.