
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEKDE MAGLUMAT-ARAGATNAŞYK SERIŞDELERINIŇ ORNY
Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegi baradaky alada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda ýöredýän ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryndan biridir. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bu maksada ýetmekde esasy ýol görkeziji resminamadyr. Bu resminamanyň “Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” diýlip atlandyrylan III bölüminde şeýle bellenilýär: “Konsepsiýa laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň maksatlaryna gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap kommunikatiw usullary hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işinde ulanmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.