ÝURDUMYZDA BILIM ULGAMYNY WE LUKMANÇYLYGY SANLYLAŞDYRMAGYŇ ŞERTLERINDE ÝOKARY DEREJELI HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

ÝURDUMYZDA BILIM ULGAMYNY WE LUKMANÇYLYGY SANLYLAŞDYRMAGYŇ ŞERTLERINDE ÝOKARY DEREJELI HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty ýurduň her bir raýatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, bilimini ösdürmäge, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýarys” diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde amala aşýandygynyň durmuşy beýanydyr.