
ARKADAG-DÖWREBAP BILIM ÖZGERTMELERINIŇ MERKEZI ŞÄHERI
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň bähbidini goldamak bilen parasatly ýöredýän döwlet syýasatyny ýurduň güli – ýaş nesliň bagtyýar geljegi bilen baglanyşdyrýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ylym-bilim ulgamyndaky täze gazanylanlar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň sazlaşykly ulanylmagynyň esasynda üstünlikli amala aşyrylýan köptaraply özgertmeler durmuşa gönükdirilendigi bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiz bilim özgertmeleriniň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigi barada: “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly,innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip, aýratyn belleýär. Mundan ugur alnyp, bilim bermegiň döwlet standartlaryny, dünýäde ýörgünli innowasion usulyýetleri iş ýüzüne ornaşdyrmaga, okatmagyň hilini oňyn özgertmäge, bilimde internetiň täsirini ýokarlandyrmaga bolan mümkinçilikler barha artýar.