KOMPÝUTER HÜNÄRMENLERINDE DUŞ GELÝÄN SAGLYK MESELELERINI BEDENTERBIÝE USULLARY ARKALY ÇÖZMEGIŇ ÝOLLARY

KOMPÝUTER HÜNÄRMENLERINDE DUŞ GELÝÄN SAGLYK MESELELERINI BEDENTERBIÝE USULLARY ARKALY ÇÖZMEGIŇ ÝOLLARY

Ýurdumyzda ynsan saglygyna jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde garalýandygy hemmelere mälimdir. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Diýarymyzda iri sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport desgalarynyň we meýdançalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy bolan bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.