TÜRKMENISTANYŇ ORTA ASYRLAR TARYHYNY OKUWÇYLARA ÖWRETMEKDE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ PEÝDALANYLYŞY

TÜRKMENISTANYŇ ORTA ASYRLAR TARYHYNY OKUWÇYLARA ÖWRETMEKDE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ PEÝDALANYLYŞY

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, döwletimizde ylymly, bilimli, döredijilikli, terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň wajypdygyny nygtaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Men halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin. Biziň bu ýolumyz kämilligiň ýoludyr” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 1-nji tom. – Aşgabat: TDNG, 2008. 175 s.) diýip belleýär. Bu wezipeleri amal etmekde taryh mugallymlarynyň paýy uludyr.