MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝETINDE BERKARAR DÖWLETIŇ ÇEPER TESWIRI

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝETINDE BERKARAR DÖWLETIŇ ÇEPER TESWIRI

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeni we edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek işine aýratyn ähmiýet berýär. Bu iş hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen türkmen halkynyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň köp nusgalary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, dünýä ähmiýetli gymmatlyk hökmünde ykrar edildi. Alym, ýazyjy hem-de şahyr mähriban Arkadagymyz işjeň awtor hökmünde edebi we medeni miras baradaky birnäçe ajaýyp kitaplary halkyna peşgeş berdi. Onuň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy”, “Älem içre at gezer”, “Janly rowaýat”, “Döwlet guşy”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaly kitaplary ruhy mirasymyzy ylmy tarapdan öwrenmekde taýsyz gollanmalardyr. Bu kitaplaryň içinde “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” eseri milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barasyndadyr. Şahyryň 290 ýyllyk ýubileýi dünýä möçberinde bellenip geçilen 2014-nji ýylda üç dilde neşir edilen bu kitapda Magtymguly Pyragynyň söz ussady hökmündäki belentligine ýokary baha berilýär. Hususan-da, “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr” [1, 20 s.], “Türkmen halkynyň özbaşdak, berkarar döwlet, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky mukaddes arzuwlary beýik akyldaryň döredijiliginiň düýp özenini tutýar” [1, 8 s.] diýen bahalar şahyryň şahsyýetiniň we döredijiliginiň taryhy ähmiýetine täzeçe düşünmegiň usulyny salgy berýär.