MUGALLYMYŇ IŞINI YLMY ESASDA GURAMAGYŇ USULLARY

MUGALLYMYŇ IŞINI YLMY ESASDA GURAMAGYŇ USULLARY

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşlara döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek işinde baý tejribe toplanylyp, öz käriniň ussady bolan, önümçiligiň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýän hünärmenleriň köpsanly nesli kemala getirildi. Umumybilim berýän, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegine ýardam berýär.